Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM-niň ýolbaşçysy
14.08.23 - 10:34Türkmenistan Hazarüsti gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça ýewropaly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahatda eden çykyşynda belledi.
«Awazada» geçirilen maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
14.08.23 - 10:3312-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly ylmy-amaly maslahatda Hazar sebitiniň döwletleriniň mundan beýläkki özara gatnaşyklary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty Türkmenistanda soraglary döredýär
13.08.23 - 08:01Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» boýunça beýanaty türkmen tarapynda birnäçe soraglary döredýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren teswirinde aýdylýar. Ol şenbe güni neşir edildi.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
11.08.23 - 18:512023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
11.08.23 - 18:49«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Yrakda türkmen we katar gazyny satyn almak boýunça komitet döredilýär
10.08.23 - 11:28Türkmen we katar tebigy gazyny satyn almak meselelerini maslahatlaşmak üçin bilelikdäki komiteti döretmek hakynda Yragyň elektroenergetika ministri Ziýad Ali Fadel žurnalistlere habar berdi diýip, Iraqi News habarlar agentligi habar berýär.
Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň sammiti hyzmatdaşlyk üçin täze itergi berer — Şawkat Mirziýoýew
09.08.23 - 16:214-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň sammiti halkara hyzmatdaşlygyna täze itergi berer. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda beýan edýär.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmegi teklip edýär
08.08.23 - 15:51Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmek we bu mesele boýunça Halkara forumy kabul etmek teklibi bilen çykyş eder.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda ygtybarly energetiki ykjamlyk hakynda Kararnamany kabul etmegi teklip eder
08.08.23 - 15:49Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda durnukly hem ygtybarly energetika ykjamlygy hakynda Kararnama kabul etmek başlangyjy bilen çykyş eder. Bu teklip Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
BAE-den we Owganystandan gelen işewürler TDHÇMB-niň söwdalarynda «Türkmennebit» DK-nyň önümlerini satyn aldylar
08.08.23 - 11:00Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Türkmenistan Özbegistan we Täjigistan bilen gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy teklip etdi
07.08.23 - 12:13Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitinde türkmen tarapy gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygyň geljegine garamagy teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde metbugat maslahatynda aýtdy.
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan ýylyň ahyryna çenli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikleri geçirer
07.08.23 - 12:12Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitgaz we elektrik energiýasy ulgamynda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garamak boýunça gepleşikleri geçirerler. Bu barada Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleriniň Aşgabat sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi
04.08.23 - 14:20Aşgabat şäherindäki «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda sammitde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar
04.08.23 - 08:40Şu gün, 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we Russiýa Hytaýa gaz ibermekde ulgamynda bäsdeşler däldir — RF-niň ilçisi
03.08.23 - 14:53Russiýa we Türkmenistan Hytaýa gaz ibermek ulgamynda bäsdeşler däldir. Bu barada RF-niň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy.