«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» futbol topary — AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda
23.08.23 - 07:22Türkmen nebitgazçylarynyň hemaýatkärligindäki futbol toparlary diňe bir milli ýaryşlarymyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edýärler. Muny «Türkmengaz» döwlet konserniniň hemaýatkärligindäki «Merw» futbol toparynyň saýlama duşuşyklardan üstünlikli geçip, AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna goşulmagy hem ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.
«Türkmengaz» DK-nyň wekilleri Özbegistanyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
22.08.23 - 13:31«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri özbek hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Daşkentde «Tehnopark» kärhanasyna baryp gördüler.
Türkmenistan ýedi aýda Hytaýa tebigy gaz ibermelerini 10% artdyrdy
22.08.23 - 13:302023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksporty 10% töweregi artdyryldy diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri HHR-iň Baş gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda benzin, awiakerosin we polipropilen öň hatarda boldy
22.08.23 - 13:28Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy
21.08.23 - 12:39Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.
Wengriýa energetika ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar
21.08.23 - 12:38Wengriýa Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyna ýokary baha berýär hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlyga taýýar, diýip TDH habar berdi.
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
19.08.23 - 13:34Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
Türkmenbaşynyň deňiz portunyň polipropilen terminaly milli önümleriň eksportyny artdyrýar
18.08.23 - 12:21Dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebitgaz senagatynyň önümleri Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň polipropilen terminalynyň üsti bilen eksport edilýär.
Daşary ýurt gämileri Türkmenbaşynyň portunda dizel ýangyjyny guýduryp bilerler
17.08.23 - 12:31Türkmenistanyň Deňiz söwda floty Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna girýän daşary ýurt gämilerine dizel ýangyjyny guýup bermek hyzmatyny hödürleýär. Bu barada flotuň saýtynda habar berilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023» 28-nji halkara maslahatyna taýýarlyk dowam edýär
17.08.23 - 12:29OPEK (Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy) 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023» 28-nji halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
«Mawy ýangyç» Halaç etrabynyň sarp edijilerine bökdençsiz ýetirilýär
16.08.23 - 15:49«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän esasy wezipeleriň biri hem ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek bolup durýar. Bu günki gün «mawy ýangyjyň» hözirini ýurdumyzyň çetki ilatly nokatlary hem görýär. Obalary we şäherleri gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleriň netijesinde tebigy gaz Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ilatly nokatlaryna hem bökdençsiz ýetirilýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan telekeçiler «Türkmennebit» DK-nyň awtobenzinini satyn aldylar
16.08.23 - 09:33Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
Türkmenistan — Gruziýa awiaýangyjy iň iri iberiji ýurt
15.08.23 - 13:58Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistan Gruziýa 29,6 müň tonna awiasion ýangyjyny eksport etdi. Business Media Georgia-nyň Gruziýanyň nebit önümlerini import edijileri birleşigine salgylanyp habar bermegine görä, bu 2023-nji ýylyň ýedi aýynda Gruziýanyň awiasion ýangyç importynyň umumy möçberiniň 44,1%-ini eýeleýär.
«Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahat öz işini tamamlady
15.08.23 - 13:5712-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene – Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Kalplara ornan gözellik
14.08.23 - 17:55Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mähriban enelerimiziň miras goýan nepis we inçe sungatyny öwrenmek, ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, çeper el hünäriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan geçirilen çärä ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, nurana ýüzli gelin-gyzlarymyzdyr mähriban eneler gatnaşdylar.