«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligine degişli bolan «Gazojak» şypahanasynda ynsan saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar.
Neşirleriň maglumatlaryna ser salsak, ýurdumyzda 1966-njy ýylda «Ojak» gaz käniniň açylmagy bilen düýbi tutulan bu gazçylar şäheriniň keşbine gözellik goşýan şypahana 100 orundan ybarat bolup, onuň iki gektary bag-bakja hem-de ekin meýdanyna bürenendir. Şypahana Gazojak şäherinden degişlilikde 40 we 80 kilometr daşlykda ýerleşýän «Ajybulak» we «Gaýnarbulak» mineral suw çeşmeleriniň bejeriş duzuna baý bolan palçygy we mineral suwy bilen meşhurdyr. Palçygyň bejeriş täsiri adam bedeniniň sowuklamasyna garşy gönükdirilendir, şeýle hem bedeniň fiziki güýjüni berkidýär. Bu palçygyň täsir etmesi onuň fiziki-himiki aýratynlygyna, peýdalanyş usulyna we adam bedeniniň ýagdaýyna baglydyr.