Zähmet soňy rähnet

Zähmet soňy rähnet

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz dolduryjy bekediniň ussasy Rustamjan REJEPOW Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy. Biz gürrüňdeşimizi eýe bolan döwlet sylagy bilen gutlap, ondan zähmet ýoly hakynda gürrüň bermegini haýyş etdik.

— Men orta mekdebi tamamlan dessime gurluşyk edarasyna işe girip, zähmet ýoluma başladym. Ýaşlygymdan işde bekemegim maňa Watan öňündäki gulluk borjumy ýerine ýetiren döwrümde-de, gullukdan soňra gurluşykçy bolup işlän ýyllarymda hem uly ýardam berdi. 1985-nji ýylda men häzirki zähmet çekýän ýerime işe geçdim hem-de biregne 30 ýyllap gaz ballonlaryny dolduryjy bolup işledim. Bäş ýyldan bäri bolsa gaz ballonlaryny abatlaýjy bolup zähmet çekýärin. Görnüşi ýaly, işimiziň jogapkärçiligi örän ýokary. Kärdeşlerim bilen ilatyň gazdan howpsuz peýdalanmagyny üpjün etmek üçin ýadawsyz alada edýäris. Ähli başarnygymy, yhlasymy saýlap alan kärime bagyş etmegim maňa at-abraý, maşgalama bolsa rysgal-bereket getirýär — diýip, R.Rejepow gürrüň berýär.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993