Täze belentliklere ruhlandyrýar

Täze belentliklere ruhlandyrýar

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 9-njy sentýabrynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sag bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berdi. Gazetimiziň Balkan welaýaty boýunça habarçysy gurluşygyna badalga berlen täze desgalar, şonuň ýaly-da, Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu ýerde amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işler barada gürrüň bermegini sorap, zawodlar toplumynyň baş direktorynyň düýpli gurluşyk boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Amangurban TANAÝEWE ýüz tutdy. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:

— Türkmenistan mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde gurýan, döredýän, nusgalyk işleriniň ahyrky netijesini döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna gönükdirip bilýän döwlete öwrüldi. Bu oňyn özgerişler milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň kerwenbaşysyna öwrülen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýan zawodlar toplumyna hem gönüden-göni dahyllydyr.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993