Gyşa taýýarlyk guramaçylykly dowam edýär

Gyşa taýýarlyk guramaçylykly dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň gaz hojalyk işgärleri üçin jogapkärli döwür bolan gyş möwsümine taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Diýarymyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýän Daşoguz welaýatynyň gazçylary hem howanyň sowuk günlerine ykjam taýýarlyk görýärler. Bu ugurda «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri tarapyndan durmuşa geçirilýän derwaýys işler gyş döwründe etrabyň ilatynyň we edara-kärhanalarynyň tebigy gaz bilen talabalaýyk üpjün bolmagyny şertlendirer.

Häzirki döwürde edaranyň gazçylary tarapyndan Gubadag etrabynyň çägindäki dürli basyşly gaz geçirijileriň 1350 kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy hem-de paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-e golaýyna ýokary derejede gözegçilik edilýär. Şol gaz desgalarynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi ugrunda göreldeli zähmet çekýän edaranyň işçi-hünärmenleri dürli ululykdaky gaz geçirijileriň we enjamlaryň zerur ýerlerini düýpli abatlap, gyş möwsümine doly taýýarlamak ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Edaranyň gazçylary tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri Gubadag şäherinde we etrabyň Amyderýa, Jeýhun, Ýaşlyk hem-de Gökýaýla geňeşliklerinde öňden ulanylyp gelinýän, diametriniň ululygy 273, 219, 159, 89 we 76 millimetre barabar bolan ýokary, orta we pes basyşly gaz geçirijileriň durkuny täzelemekde durmuşa geçirilen abatlaýyş işleriniň netijesinde ýerli ilatyň «mawy ýangyja» bolan islegi doly kanagatlandyryldy. Bu işlerde tejribeli ussa Myrat Arazowyň ýolbaşçylygynda iş alyp barýan edaranyň Daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleri — elektrik bilen kebşirleýji Döwlet Nepesow, gaz bilen kebşirleýji Baýmyrat Annamyradow, abatlaýjy slesarlar Allabaý Atakäýew, Serdar Baýnazarow, Bagabek Atageldiýew dagy has-da netijeli işlemek bilen, Akmät Gurbanow we Guwanç Orazbaýew ýaly ýaş gazçylara görelde bolýarlar. Gullugyň hünärmenleriniň alyp barýan işleriniň barha ilerlemeginde gazçylara tehniki taýdan hyzmat edýän awtoulagyň sürüjisi Tirkeş Saparmedowyň hem saldamly paýy bar.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993