Kuwwatly desga üçin gaz geçiriji

Kuwwatly desga üçin gaz geçiriji

«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň gaýratly gurluşykçylary umumy uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçirijiniň gurluşyk işlerine girişdiler. Bu gaz geçiriji Üçajy gaz käninden gözbaş alyp, ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenendir.

— Biz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmek boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak işine agzybirlik bilen gatnaşýarys. Şu döwre çenli möhüm gurluşyklaryň birnäçesinde abraý bilen zähmet çekdik. Täze buýurmanyň bize tabşyrylmagyny bolsa, özümize bildirilýän uly ynam hökmünde kabul edýäris — diýip, müdirligiň 4-nji gurluşyk-gurnama meýdançasynyň başlygy Aşyrgeldi Myradow gürrüň berýär.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №37
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№37

15 сентября 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993