Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine işjeň gatnaşýarlar, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň hem-de halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň ýanyndaky iş toparynyň agzalary bolup durýarlar. Maslahatda bellenilişi ýaly, kärdeşler arkalaşyklary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, milli Liderimiziň maslahatlaryny ýerine ýetirip, öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini durmuşa geçirmek hem-de goramak baradaky maksatlaryny ilkinji guramalaryň, pudaklaýyn geňeşleriň, çäk birleşmeleriniň, milli merkeziň üsti bilen amala aşyrýar.