Nebitgaz toplumy: polimerlere bolan isleg we maýa goýumlary artýar

Nebitgaz toplumy: polimerlere bolan isleg we maýa goýumlary artýar

Wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça möhüm wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň baş maksady baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmak bilen nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçilikleri giňeltmekde jemlenýär.

Nebitgaz senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maliýe serişdeleri goýberilýär. Şeýlelikde, şu ýylyň 11 aýynda pudakda özleşdirilen maýalaryň umumy möçberi 7,1 milliard manatdan gowrak boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 492 million manat köpdür.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993