Bagşy Ilgeldi Magtymgulyýewe ussat gyjakçy Ata Ablyýew «geolog bagşy» diýer eken. Onuň aýdýan «Nowgül», «Ne peýda», «Biläni», «Delalat ýagşy» ýaly aýdymlaryny kiçiligimizden radioýaýlymlar arkaly diňläp gelýäris, ýöne esasy käriniň geologdygyny welin, arada «Miras» teleýaýlymynda çykyş edip otyrka aýdanda bildik. Ilgeldi aganyň zähmet hem durmuş ýoly barada gyzyklanyp, ýakynda maşgala ojagyna baryp, söhbetdeş bolduk. Zähmet dynç alyşdaky ýaşuly geolog Ilgeldi aga:
— Men 1944-nji ýylyň 20-nji awgustynda Ahal welaýatynyň Bamy obasynda doguldym. Kakam Magtymguly Ilgeldiýew meşhur Sary bagşydan tälim alan bagşydy. Öýümize Ata Gurbanow, Abdylla Amanjaýew, Pürli Saryýew, Giçgeldi Amanow we başga-da bagşy-sazandalar gelerdiler. Saz-söhbediň içinde ulaldym. Çagalygymdan kakamdan dutar çalyp, aýdym aýtmagy öwrendim. Sekiz ýaşymdan başlap aýdym-saza höwesli deň-duşlarym bilen Bäherden etrabynyň çäginde geçirilýän aýdym-saz bäsleşiklerine gatnaşardyk. Aýdym-sazly çykyşlary taýýarlardyk, ýöne esasy arzuwym geolog bolmakdy.