Döwrebap desganyň eksport önümleri

Döwrebap desganyň eksport önümleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ruhubelent işgärleri ýetip gelýän şanly baýramlary — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşylamak ugrunda joşgunly zähmet çekýärler. Şu ýylyň başyndan bäri bu kärhanadan 23840 tonna agyr wakuum gazoýly eksporta ugradyldy. Bu nebit önümi hem kärhanada öndürilýän ýol bitumy bilen birlikde soňky ýyllarda daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän we höwes bilen satyn alynýan harytlyk önümleriň sanawyna goşuldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga uly üns berýär we möhüm çözgütleri kabul edýär. Şeýle aladanyň netijesinde ýokarda ady agzalan iri senagat kärhanasynda hem düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Oňa, ilkinji nobatda, ýol bitumyny öndürýän utgaşdyrylan desganyň gurlup, ulanylmaga berilmegini mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu häzirki zaman desgasy hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy tarapyndan gurlup, 2015-nji ýylyň fewralynda üstünlikli işe girizilipdi.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993