«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Gaz hojalygy edarasynyň agzybir işçi-hünärmenleri tarapyndan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan ýylyň häzirki günlerinde etrabyň çäginde bar bolan dürli ululykdaky gaz geçirijileriň 997 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 336 sanysyna gije-gündiziň dowamynda ýokary derejede gözegçilik edilýär.
Munuň özi edaranyň gazçylarynyň hyzmatyndan üznüksiz peýdalanýan etrabyň 13 müňden gowrak hojalygynyň ýaşaýjylarynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýär. Edaranyň degişli hünärmenleri şol gaz desgalaryna meýilnamalaýyn esasda yzygiderli gözegçilik etmek bilen, ýylyň islendik möwsüminde olaryň talabalaýyk hem-de saz işlemegini hemişe üns merkezinde saklaýarlar.