Milli maksatnama Türkmenistanyň köptaraplaýyn ösüşiniň wezipelerini jemleýär

Milli maksatnama Türkmenistanyň köptaraplaýyn ösüşiniň wezipelerini jemleýär

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz toplumyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde özüniň öňdeligini berkider. Şu maksatda nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek bilen, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen häzirki zaman toplumlarynyň gurluşygy, täze känleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklaryň we «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmek dowam etdiriler, sanly tehnologiýalara geçmegiň gerimi, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlylygy artdyrylar, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklaryna we elektrik energetikasyna degişli ýöriteleşdirilen iri senagat desgalary bina ediler. Ekologiýanyň täze ölçeglerine laýyklykda, energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek we iň täze tehnologiýalary alyşmak babatdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek geljekki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna degişlidir. Şeýle hem maýadarlar ýurdumyza önüm çykarýan we gaýtadan işleýän iň täze tehnologiýalary ibermek şertlerinde çekiler. Ähli önüm öndürýän kärhanalarda diňe ekologiýa taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmagyň dowam etdirilmegi daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek bilen birlikde, çykarylýan önümleriň ýokary hil derejesiniň gazanylmagyna ýardam eder. 

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe