«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen giň möçberli işleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary tarapyndan alnyp barylýan işler hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda müdirligimiziň zähmetsöýer burawlaýjylary tarapyndan Altyguýy, Günorta Uzynada, Uzynada, Guýjuk ýaly nebitgaz känlerindäki gözleg-barlag we ulanyş maksatly guýularda burawlaýyş işleri alnyp barylýar. Diýarymyzyň dürli nebitgazly känlerinde uglewodorod çig mallarynyň önümli gatlaklaryny gözläp tapyp, bökdençsiz gazyp geçmekde hem-de ýokary hilli özleşdirip, önümçilige ulanyşa bermekde işiň esasy bölegi burawlaýjylaryň paýyna düşýär.