Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek otuz ýyl üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy. Bu forumyň geljegi nazarlaýan çözgütleri ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň zähmet toparlarynda bolşy ýaly, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň işgärlerinde-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde gazanyljak üstünliklere, ýetiljek belent sepgitlere zähmet goşandyny goşmak hyjuwyny döretdi.
Müdirligiň işgärleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýlarynda gaz akdyrmak baradaky meýilnamalaýyn tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etdiler. Olar umumy uzynlygy iki müň sekiz ýüz sekiz kilometrden gowrak bolan ýokary basyşly gaz geçirijilere hyzmat etmek bilen, ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynyň ilatyny hem-de şu iki sebitdäki edara-kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edýärler. Gazçylar müdirlige degişli gaz paýlaýjy beketleriň ýetmiş ýedisine, sazlaýjy düwünleriň bolsa on bäşisine yzygiderli gözegçilik etmek bilen, şolaryň tehnologik talaplara laýyk işläp, tebigy gazyň kadaly akdyrylmagyny üpjün edýärler.