— Men uly maşgalada kemala geldim. Özüm dokuz çaganyň ýedinjisi. Hünär saýlamagyma dagly mekanda ýaşamagym, esasan bolsa, agam Rozynyň geolog bolmagy uly itergi berdi. Men agamyň göreldesine eýerip, 1986-njy ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutyna okuwa girdim we ony üstünlikli tamamlap, häzirki wagtda zähmet çekýän edarama işe geldim. Şondan bäri hem işläp ýörün — diýip, ol uly durmuş ýolunyň ýatda galan pursatlaryny ýatlaýar.
Biziň söhbetdeşimiz Şanazar Anarow. Ol «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmengeologiýa» gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň baş geology bolup işleýär. Şanazar Anarow uzak ýyllaryň dowamynda çeken ýokary netijeli, halal zähmeti üçin geçen ýylda döwlet sylagy — «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Bu ýokary sylag onuň üç onluga golaýlap barýan zähmet ýolunda gazanan üstünliklerine, ýurdumyzyň ösüşlerine goşan saldamly goşandyna berlen mynasyp baha boldy.