Soňky döwürde dünýä bazarynda «gara altynyň» gymmatynyň artýandygyny bellemeli. Muňa bolsa, dünýä möçberinde çig nebite we ony çuň gaýtadan işlemegiň netijesinde öndürilýän hem-de uly isleg bildirilýän gymmat bahaly önümlere bolan islegiň artýandygynyň alamaty diýip düşünilýär.
Türkmenistanda bu gymmaty artýan çig nebiti ýurdumyzda kuwwatly, iri önümçilik-hojalyk toplumy hasaplanylýan «Türkmennebit» döwlet konserni çykarýar. Ol häzirki wagtda Watanymyzyň gury ýer çäklerinde ýerleşýän, takmynan, 30-dan gowrak nebitgazly känleri işläp geçýär we olardan çykarylýan önümi ýygnap, harytlyk görnüşinde taýýarlap, sarp edijilere ugradýar. Gymmaty artýan we ýurdumyzyň ykdysadyýetini saldamly goldaýan çig nebitiň çykarylýan depginini güýçlendirmek maksady bilen, häzirki wagtda konsern tarapyndan önümçilige köpugurly innowasion çözgütli çäreler ornaşdyrylýar.