Ýokary hil — esasy görkeziji

Ýokary hil — esasy görkeziji

Eziz Diýarymyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberlerini durnukly artdyrmak nebitgaz pudagynyň esasy wezipesi bolmagynda galýar. Şu belent wezipe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu maksatnamada tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli düzümleriniň tagallaly zähmetine baglydyr.

Ýurdumyzyň nebitgaz ýataklarynyň onlarçasynda netijeli iş alyp barýan bu konserniň düzümine nebiti, gazy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag we ulanyş maksatly guýulary burawlamagy, uglewodorodlary turbageçirijiler arkaly gaýtadan işleýjilerdir sarp edijilere ibermegi, gaz gysyjy desgalary gurmagy, olaryň öňden hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmagy, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän onlarça kärhana girýär. Konserniň Balkanabat şäherindäki Abatlaýyş-mehaniki zawody hem şolaryň iň ähmiýetlileriniň hatarynda tanalýar. Aslynda, konserniň kadaly işini Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň ýerine ýetirýän hyzmatlaryndan üzňe göz öňüne getirmek hem kyndyr. Bu kärhanada zähmet çekýänler iň bir jogapkärli hünärleriň otuza golaýyna başarjaň erk etmegiň hötdesinden gelýärler. Zawodyň tokarlarynyň, frezerleriniň, dürli usulda kebşirleýjileriniň, ýonujylardyr slesarlarynyň, dürli gurallardyr ätiýaçlyk şaýlaryny ýasaýjylarynyň, metallary hem-de erginleri guýujylarynyň, demirçi ussalarynyň, ýylmaýjylarynyň... ýerine ýetirýän işleriniň her biri ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýänligi bilen tapawutlanýar. Geologiýa gözleg işlerinde peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky nasoslary abatlap, olara «ikinji ömri» bermek kärhananyň ussat hünärmenleriniň, inžener-tehniki işgärleriniň irginsiz alyp barýan işleriniň hataryna girýär.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe