Abatlaýjylar — armazak adamlar

Abatlaýjylar — armazak adamlar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçýän her bir güni şanly üstünliklere, düýpli özgerişlere beslenýär. Önümçilik kärhanalarynyň işgärleri önüm öndürilişini artdyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň okgunly ösüşine saldamly goşant goşmak ugrunda joşgunly zähmet çekýärler. Olaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Munuň özi ýöne ýerden däldir. Baýlyk çykaryjylaryň yhlas bilen çekýän zähmetiniň netijesinde tebigy gazy öndürmekde belent sepgitler abraý bilen eýelenilýär. Bu babatda tamamlanan ýyl has şowly we rowaçly ýyllaryň biri boldy. Şonda tebigy gaz öndürmekde öňki ýyl bilen deňeşdirilende 144 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Uly üstünlikde müdirligiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginiň başarjaň we ussat işgärleriniň mynasyp zähmet paýy bar.

— Baýlyklar mekany Garagumuň gözýetmez giňişliklerinde ýerleşýän gaz känlerinde guýularyň önüm berijiligini artdyrmak, hereketsiz duran guýulary düýpli abatlamak işlerinde bölegiň işgärleri tutanýerlilik we maksada okgunlylyk görkezýärler. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde bellenilen tabşyryklar abraý bilen berjaý edilýär — diýip, müdirligiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýew guwanç bilen nygtaýar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe