Nebithimiýa senagaty ykdysadyýetiň möhüm pudagydyr

Nebithimiýa senagaty ykdysadyýetiň möhüm pudagydyr

Garaşsyz Türkmenistan GDA döwletlerinden ilkinji bolup etilirlenen benzini öndürmegi bes etmek bilen, awtomobil ýangyjynyň ýokary oktanly görnüşleriniň önümçiligini artdyrdy. Ýurt üçin täze önümiň — propileniň gomopolimerleriniň, çalgy ýaglarynyň önümçiligi özleşdirildi.

Häzirki wagtda nebithimiýa senagatynyň sebitde iri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek ýola goýulýar. Bu babatda TNGIZT-de A-98 kysymly awtobenziniň önümçiliginiň ýola goýulmagy bellenilmäge mynasypdyr. Ýangyjyň bu görnüşi dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Ony Niderlandlar Patyşalygynyň «Saybolt» kompaniýasynyň daşary ýurtdaky barlaghanasynda geçiren barlaglary hem tassyklaýar. Barlaglaryň netijesine görä, Türkmenistanda öndürilen A-98 kysymly awtobenziniň degişli ekologik talaplara doly laýyk gelýändigi subut edildi. Bu ýerde awtobenziniň düzümindäki benzolyň, aromatik uglewodorodlaryň we olefinleriň mukdary barlanyldy. Ondan öň TNGIZT-niň hünärmenleriniň we «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäher bölüminiň wekilleriniň gatnaşmagynda synag üçin täze önümiň nusgasy alnyp, ol «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyna ugradyldy.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe