Eksportyň gerimi giňelýär

Eksportyň gerimi giňelýär

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde özümizde öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işe «Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň başarjaň işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Olaryň kämil önümçilik desgalarynda öndürýän önüminiň eksportynyň täze ugurlary peýda bolýar. Geçen ýylda ýurdumyzyň gündogar welaýatynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Özbegistana we Täjigistana hem ugradylyp başlandy.

Mälim bolşy ýaly, hut Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin bu täze önümçilik peýda bolupdy. Sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge niýetlenen kuwwatly desgalar toplumlary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmaklarynda Naýyp we Bagaja gaz känlerinde gurlup, ulanylmaga berildi. Olarda zähmet çekýän hünärmenler önümleriň öndürilişini artdyrmak ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Agzybirlik bilen işlemek arkaly geçen ýylda eksporta suwuklandyrylan gazyň 95 müň tonna golaýy ugradyldy. Şunlukda, bu görkeziji boýunça öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 105 göterime golaý ösüş gazanyldy. Munuň özi müdirligiň işgärleriniň ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge mynasyp derejede gatnaşýandyklaryndan habar berýär. Olaryň täze başlanan ýylda eýelemegi maksat edinýän sepgitleri has-da belent.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe