«Mawy ýangyç» bilen üpjün edilýär

«Mawy ýangyç» bilen üpjün edilýär

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň etraplardaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary häzirki gyş günlerinde welaýatyň medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalarynyň ilatyny hem-de Garagum sährasynyň jümmüşinde, Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlarynda çarwaçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyzy suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda uly işleri alyp barýarlar.

Bu ugurda müdirligiň Daşoguz şäherinde ýerleşýän gaz dolduryjy bekediniň işçi-hünärmenleriniň häzirki wagtda etraplardaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary bilen agzybirlikde durmuşa geçirýän maksada okgunly işleriniň netijesinde uzak örülerde mallaryny ýyly we dok gyşlatmak ugrunda wajyp işleri alyp barýan çopanlar öz goşlarynda suwuklandyrylan «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Şonuň üçin hem Garagum sährasynda, medeni zolakdan has alysda ýerleşýän Ataguýy, Ajyguýy, Damla, Kyrkguýy, Gamyşly, Akmolla ýaly ençeme öri meýdanlarynda ýylyň bütin dowamynda maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwa ilaty müdirligiň gazçylarynyň hyzmatyndan diýseň hoşal.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe