«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň hünärmenleridir işçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda zähmet gadamlaryny barha batlandyrýarlar. Olar ýanwar aýynda «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmasy esasynda welaýatyň obalaryndadyr şäherlerinde müňlerçe metr uzynlykdaky täze gaz geçirijilerini gurmak, ozaldan hereket edýänleriniň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirdiler.
Elbetde, şu ýylyň ýanwar aýynyň ilkinji günlerinden «Marygazüpjünçilik» müdirligine Milli maksatnama esasynda welaýatyň obalarynda hem-de şäherlerinde täze dörän ilatly ýerlere gaz geçirijilerini çekmek üçin dürli diametrli turbalaryň tapgyrlaýyn ýetirilip başlanandygyny aýtmak gerek. Munuň özi gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň işgärlerine işleriň depginini artdyrmaklyga ýardam berdi. Häzirki wagtda gazçylar welaýatyň Sakarçäge şäherinde täze dörän ilatly ýerlere gaz geçirijilerini çekmek işlerini alyp barýarlar. Olar bu ýerde gurulýan ýokary basyşly gaz geçirijiniň bir müň elli alty metrinde gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetiripdirler. Bu ýerde taslamada bellenilen işleriň öz wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur iş çäreleri görülýär. Ýokary basyşly gaz geçirijiniň gurluşygynyň tamamlanmagy şäherdäki täze dörän ilatly ýerleriň ýaşaýjylarynyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini düýpli gowulandyrar.