Rowan ýollar beketden başlanýar

Rowan ýollar beketden başlanýar

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň işgärleri şu ýylyň 11 aýyny netijeli jemlemegiň hötdesinden geldiler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän ýylda nebit kärhanasynyň garamagyndaky Gubadag — Daşoguz awtoulag ýolunyň gündogar ýakasynda ýerleşýän 170-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekediň durkunyň düýpgöter täzelenmegi bolsa, müşderilere edilýän hyzmatlaryň ýokary derejelerde bolmagyna getirdi.

Etrapda durky düýpli täzelenen bu beketden başga-da, döwrüň ösen tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň 5 sanysy hereket edýär. 47-nji, 124-nji, 150-nji hem-de 152-nji beketler etrabyň Abadanlyk, Amyderýa, Babadaýhan geňeşlikleri ýaly, uly gatnaw ýollarynyň gyrasynda hem-de ilatyň gür ýerlerinde, 177-nji belgili beket bolsa Gubadag şäherinde ýerleşmek bilen, gije-gündiziň dowamynda halkyň hyzmatynda.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe