Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bellenilen şanly ýylda nebitgaz senagatyndaky desgalaryň we kärhanalaryň önümçilik kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik döredildi. Ýylyň başynda «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň ulanylmaga berilmegi ýurduň gündogar sebitiniň ilatynyň we edara-kärhanalarynyň gaz üpjünçiligini artdyrmaga, şeýle hem Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatyny güýçlendirmäge şertleri gowulandyrdy. Munuň özi Malaý ýatagynda alnyp barylýan guýularyň buraw we özleşdirmek işlerini hem tijedi, netijede önümli guýular çig mal binýadynyň artmagynda amatly ýagdaýy emele getirdi.
Daşary ýurt kompaniýalary bilen nebit pudagynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň netijesinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümlerinde çig malyň çykarylyşyny artdyrmaga we ýokary netijeler gazanmaga gönükdirilen işler ilerleýär, ýagny guýularyň önüm berşi, işleýjilik möhleti gowulandyrylýar.