Agarguýy — täze gaz käni

Agarguýy — täze gaz käni

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligine degişli känleriň sanawy ýene-de artdy. Oňa Agarguýy gaz käni goşuldy. Golaýda bu ýerde guýularyň ikisi ulanylmaga berlip, olardan önüm alnyp başlandy.

Şeýle tutumly işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäginde amala aşyryldy. Bu guwandyryjy waka hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde «Malaý» gaz käninde kuwwatly gaz gysyjy desganyň ulanylmaga berilmegi bilen baglanyşykly ýylyň başynda bolup geçen ýatdan çykmajak dabaralaryň üstüni ýetirip, köplerde ýakymly täsir galdyrdy. Onuň esasy gymmaty bolsa ýurdumyzyň ösüşlerine ýardam berýän zerur önümiň öndürilýän möçberiniň ýene-de artdyrylmagyna goşant goşmagyndadyr.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe