«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligi boýunça ýylyň başyndan bäri 10,3 milliard kubmetre golaý tebigy gaz öndürildi. Munuň özi ýyllyk meýilnamanyň möhletinden ep-esli öň, has takygy, on aýda üstünlikli berjaý edilendiginden habar berýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda baýlyk çykaryjylar ýokary ruhubelentlik we maksada okgunlylyk bilen zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşmak üçin tebigy gazyň öndürilişini barha artdyrmak bu janypkeş adamlaryň baş maksady bolup durýar. Möhüm işde düýpli ilerlemeleri gazanmak üçin pugta esasyň döredilýändigi hem bellärliklidir. Şeýle tutumly işleriň biri-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Malaý käninde gurlan häzirki zaman gaz gysyjy desgasydyr.