Sarp edijiler tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün ediler

Sarp edijiler tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün ediler

Türkmenistanyň gaz senagaty milli ykdysadyýetimizde iň möhüm pudaklaryň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda onlarça iri we ownuk gaz känleri bar. Olaryň arasynda Merkezi Garagum sebitiniň gaz känleri möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragynyň bereket çeşmesi bolan Garagum sährasyndaky baýlyk känlerinden «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirligi tarapyndan her gije-gündizde millionlarça kubmetr tebigy gaz sarp edijilere ugradylýar. Bu ýerde gumuň jümmüşinde gözleg, barlag, buraw, gaz çykaryş, gurluşyk-gurnama we beýleki işler dynuwsyz dowam edýär. Merkezi Garagum gazly welaýatynda Derweze, Takyr, Şyh, Çalçulba, Topçulba, Çemmerli, Atabaý, Sakarçäge, Atasary gaz ýataklary ýerleşýär. Olardaky käbir önümli guýular öň burawlanylyp petiklenilip goýlan. Ýakynda Çemmerlide öň burawlanylyp ýapylyp goýlan 205 we 206 belgili guýularda, Topçulbada 230, 242, 243 belgili guýularda agyzýaka beketleri gurnaldy. Agyzýaka beketlerden tebigy gaz turbageçirijiler bilen bir bitewi ulgama (kollektora) birikdirilip, gaz taýýarlaýjy desga akdyrylýar. Ýygnaýjy desgada toplanylan gaz geçirijiler bilen Zäkli—Derweze gaz geçirijisine birikdirilip, Ýylanly gaz gysyjy desgasyna ugradylýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurnama dolandyryş edarasy tarapyndan 27 kilometrden gowrak 168 millimetrlik, 13 kilometrden gowrak 720 millimetrlik turbageçirijileri çekmek işleri bellenilen möhletinde ýokary hilli ýerine ýetirildi.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe