Mary welaýatynyň ilatynyň hem-de onuň çäklerindäki edara-kärhanalaryň ýylyň bütin dowamynda «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň beýleki gaz üpjünçilik, gaz hojalyk edaralary bilen birlikde Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gaz gurluşykçylarynyň hem saldamly goşandy bar.
Olar «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmalary esasynda welaýatyň obalarynda, şäherdir şäherçelerinde täze döreýän ilatly ýerleri Milli maksatnama laýyklykda gazlaşdyrmak, ozaldan ulanylýan ýokary, orta basyşly gaz geçirijileriň durkuny täzelemek boýunça möhüm ähmiýetli gaz gurluşyk işlerini ýerine ýetirýärler. Ülşüň gaz gurluşykçylarynyň tutanýerli zähmeti arkaly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň başyndan bäri ilatly ýerleriň ençemesiniň tebigy gaz bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylandygyny aýtmak gerek. Gaz gurluşyk işleri häzirki güýz-gyş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde welaýatyň dürli künjeklerinde ýokary depginde dowam etdirilýär. «Marygazüpjünçilik» müdirligi bu möhüm ähmiýetli işde bökdençligiň bolmazlygy üçin ülşüň gaz gurluşyk işlerini dürli göwrümli turbalardyr beýleki materiallar bilen bökdençsiz üpjün edýär.