Ýylyň belent sepgitleri nazarlanylýar

Ýylyň belent sepgitleri nazarlanylýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän şu ýylyň 9 aýyny netijeli jemlediler. Munuň şeýledigine müdirligiň agzybir işçi-hünärmenleriniň welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de daşary bazarlara çykarylýan tebigy gazyň üznüksiz akdyrylmagyny gazanmak ugrunda şu günler durmuşa geçirýän nusgalyk işleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ýeri gelende aýdanymyzda, halkymyzyň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy hem-de türkmen gazynyň dünýä bazarynda öz möhüm ornuny eýelemegi ugrunda bagtyýarlyk eýýamynda uly göwrümli işleri durmuşa geçirýän müdirlik «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralaryny, dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 4500 kilometrden gowragyny hem-de gaz sazlaýjy desgalaryň onlarçasyny özüne birleşdirýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýji bolan nebitgaz toplumynyň barha kuwwatlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýan müdirligiň ussat işçi-hünärmenleri şol desgalaryň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi ugrunda tagalla baryny edýärler.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe