«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň hünärmenleri şu günler buýsanç bilen dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ýokary önümçilik görkezijilerine beslemek üçin has-da gaýratly işleri bitirýärler.
Bu öňdebaryjy kärhanada şu ýylyň geçen sekiz aýynda konserniň burawlaýjylarydyr guýulary düýpli abatlaýjylaryna agregat hyzmatlaryny ýola goýmak baradaky meýilnamanyň 157,7 göterim berjaý edilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu görkeziji müdirlik boýunça bu ugurda 2021-nji ýyl üçin bellenilen meýilnamanyň möhletinden dört aý öň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar.