Maksat — möwsüme taýýarlykly barmak

Maksat — möwsüme taýýarlykly barmak

Güýz-gyş pasyllary ilatly ýerleri we önümçilik düzümini tebigy gaz bilen üpjün etmek işi bilen meşgullanýan hünärmenler üçin jogapkärli döwür hasap edilýär. Şol aýlarda ýangyjyň sarp edilişiniň artmagy olaryň hyzmat edýän ulgamynyň sazlaşykly we bökdençsiz işlemegini talap edýär. Şol sebäpli howanyň amatly günlerinde gaz geçiriji ulgamy we paýlaýjy enjamlary möwsüme taýýarlamak bilen baglanyşykly işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle işlere «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň Lebap bölüminiň başarjaň işgärleri hem netijeli gatnaşýarlar.

— Dogrusy, bölümimize degişli ulgama gözegçilik etmek we onuň ýokary sazlaşykly işlemegini gazanmak bilen baglanyşykly işler arakesmäni bilmeýär. Gyş aýlarynda tebigy gazyň sarp edilýän möçberiniň has artýandygy sebäpli bu möwsüme taýýarlyk görmek işlerine jogapkärçilikli çemeleşýäris. Biziň hünärmenlerimiz ýokary basyşly gaz geçirijileriň 1800 kilometre golaýyna, gaz paýlaýjy beketleriň 54-sine, gaz sazlaýjy düwünleriň bolsa 7-sine hyzmat edýärler. Tejribeli işgärlerimiz ulgamda «mawy ýangyjyň» akymynyň kadaly bolmagyny gazanmak ugrunda ýadawsyz alada edýärler — diýip, bölümiň gaz geçirijiler we ulanyşyk-gözegçilik gullugynyň başlygy Geldimyrat Rozyýew alnyp barylýan işler barada höwes bilen gürrüň berýär.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe