«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary häzirki döwürde demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, gaz desgalaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda hem depginli işleri alyp barýarlar. Bu ugurda müdirligiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işçi-hünärmenleriniň häzirki günlerde durmuşa geçirýän işleri hem aýratyn bellärliklidir. Edaranyň işçi-hünärmenleriniň jogapkärli döwür bolan gyş möwsümine birkemsiz taýýarlykly barýandyklaryny etrabyň islendik künjünde bolanyňda-da aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
Etrapda gaz geçirijilerini we desgalaryny düýpli abatlap, gyşa taýýarlamak ugrunda badalga berlen işleriň döwrüň ruhuna mahsus derejede guralmagynda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň ussasy Soltanmyrat Soltanmyradow, slesar-gurnaýjylar Allaberdi Begjanow, Hudaýberdi Jümmiýew we elektrik bilen kebşirleýji Öwezgeldi Tagangylyjow dagynyň hem öz mynasyp paýy bar. Olaryň şu günler etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalarynyň zerur ýerleriniň durkuny täzelemekde hem-de gaz ýollarynyň geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmakda alyp barýan işleri aýratyn öwgä mynasypdyr. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde ýylyň başyndan bäri etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalaryny düýpli abatlap, gyşa taýýarlamakda müňlerçe manatlyk işler ýaýbaňlandyrylyp, hereket edýän bitewi gaz ulgamynyň geçirijilik mümkinçiligi ep-esli artdyryldy.