Watanyň egsilmez güýji-kuwwaty

Watanyň egsilmez güýji-kuwwaty

Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ösen tehnologiýalaryna daýanýan häzirki zaman desgasynyň dabaraly ýagdaýda işe giriziljek güni indi uzakda däl. Ondaky işler ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna deňleşdirmek ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasynyň hünärmenleri we türkmen gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýar. Mundan birnäçe ýyl ozal, has takygy, 2014-nji ýylyň 6-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň işine ak pata beripdi. Onuň kuwwatlylygy 149,2 megawata barabardyr. Şu taryhy wakadan iki ýyldan gowrak wagt soňra — 2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde Döwletli etrabynda kuwwatlylygy 254 megawat bolan «Watan» döwlet elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan we ýurdumyzyň ýokary depginde ösmegine hyzmat edýän bu kuwwatly, häzirki zaman desgalarynda ünsümizi jemlemegimiziň özüne ýetesi sebäpleri bar. Ol bolsa atlary agzalan täze elektrik stansiýalaryň ählisiniň tebigy gazda işleýändigi bilen baglydyr. Şeýle desgalaryň işe girizilmegi döwlet Baştutanymyzyň türkmen tebigy gazynyň gazylyp alynýan we daşarky bazarlara ugradylýan möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän ýangyç-energetika toplumyny ileri tutup ösdürmek boýunça öňden bellän maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr. Kämil desgalar döwletimiziň barha kuwwatlanmagynda hem-de onuň eksport mümkinçilikleriniň has giňelmeginde ähmiýetlidir.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe