Çelekeniň adybir baýry nebit käninden häzirki döwürde «gara altyn» çykarmagy amala aşyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň zähmetsöýer işgärleri mukaddes Watanymyzyň ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgady bilen barmak maksadynda yhlasly zähmet çekýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkyna peşgeş beren bagtyýarlyk eýýamynda agzybirlikde çekilýän halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýan müdirligiň işgärleriniň ýadawsyz aladalary netijesinde kände dürli usullarda ulanylýan guýularyň gaznasynda hereket edýän guýularyň iş depginini durnukly saklamak we burawlaýyşdan çykan täze guýulary ulanyşa girizmek bilen, çykarylýan nebitiň mukdaryny yzygiderli artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler öz miwesini berýär. Onuň aýdyň mysaly hökmünde müdirlikde 2021-nji ýylyň geçen 6 aýynyň jemleri boýunça bellenilen meýilnamanyň nebiti çykarmakda 113, tabşyrmakda 115 göterim ýerine ýetirilendigini, bu görkezijileri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, nebiti çykarmakda 21, tabşyrmakda 26 göterim ýokary ösüş depginleriniň gazanylandygyny görkezmek bolar.