«Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologiki gullugy müdirligiň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biridir. Gullugyň agzybir hünärmenleri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl uly dabara bilen baýram ediljek 30 ýyllyk şanly senesini ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşy almak üçin her bir aýy üstünlikli jemleýärler. Olar täzeçe gözlegler bilen işläp, şu ýylyň geçen bäş aýynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernlerine, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna degişli guýularyň bir ýüz on üç sanysynda geofiziki barlaglary we beýleki işleri geçirdiler.
Edaranyň hünärmenleriniň, işçileriniň işleri bilen ýakyndan tanyş bolsaň, onda gaz känlerindäki gözleg hem ulanyş guýularyndan egsilmez milli baýlygymyz bolan tebigy gazyň çykarylyşynyň artdyrylmagynda geofizikleriň hyzmatynyň biçak uludygyna pugta göz ýetirýärsiň. Çünki gaz guýularynda geçirilýän işleriň her biri gönüden-göni geofizikleriň gözegçilikleri hem-de barlaglary esasynda tehnologik talaplara laýyk ýerine ýetirilýär.