«Türkmengaz» döwlet konserni «mawy ýangyjy» batly depginler bilen çykarmagy dowam edýär. Şu ýylyň bäş aýynda ýeriň astyndan tebigy gazyň 32,6 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy, bu geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 6 milliard kubmetre golaý köpdür. Ösüş depgini 122,2 göterime deň boldy. Eksport 31,6 göterimden artyp, 18,6 milliard kubmetrden hem ýokary boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy.
11-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan HHR bilen gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, döwletimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, birek-biregi hormatlamak we özara bähbitleri goramak ýörelgelerine esaslanýar.