«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň gurluşykçylary ata Watanymyzyň şanly toýuny — Garaşsyzlyk baýramyny saldamly zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinip, her iş gününi üstünlikli jemleýärler. Häzir olar Merkezi Garagum — Zäkli — Derweze gaz kondensatly käninde gaz geçirijileri çekmek, ozaldan barlarynyň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirýärler. Diametri 720 millimetre barabar bolan turbalary kebşirlemek işleri trestiň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň 8-nji gurluşyk-gurnama meýdançasynyň ussat hünärmenlerine ynanylypdyr.
— Bizde ýerine ýetirýän çylşyrymly işlerimiziň abyny-tabyny kemsiz ele alan, ýokary hünär derejeli, zähmetsöýer adamlaryň jemlenendigini ilkinji nobatda aýdasym gelýär. Olar özlerine tabşyrylýan her bir jogapkärli buýurmany talabalaýyk ýerine ýetirmegiň abraý bilen hötdesinden gelýärler. Häzirki wagtda berjaý edýän buýurmamyza kömekçi potratçy hökmünde gatnaşýarys. Tabşyrylan möhüm işleri bellenilen möhletinde, gowy hil derejesinde bitirmek üçin yhlaslylyk we başarnyk görkezýäris — diýip, meýdançanyň başlygy Tahyr Koçyýew gürrüň berýär.