Guýulary bökdençsiz işletmegiň çäreleri

Guýulary bökdençsiz işletmegiň çäreleri

Nebit önümli gatlaklaryň geologik-fiziki häsiýetnamalaryny, guýularyň önüminiň düzümini we häsiýetlerini, olaryň gurluşlaryny we işleriniň taslama düzgünlerini hasaba alyp, ulanyş döwründe ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryna seredip, öz wagtynda çäresini görüp, nebit akymyny artdyrmak öňde goýlan esasy wezipedir. Çüwdürimli guýularyň kadaly iş düzgüni saýlanyp alnanda, olaryň ştuseriniň diametriniň, gaz faktorynyň, debitiniň (çykymynyň) möçberiniň sazlanylmagy we gatlaklarynyň parametrleriniň öwrenilip seljerilmegi göz öňünde tutulýar. Diňe şu şertler ýerine ýetirilende çüwdürimli guýynyň gatlagynyň energiýasynyň oýlanyşykly sarp edilmegine we uzak wagtlap bökdençsiz işlemegine şert döreýär. Galyberse-de, bu usuldaky guýularyň tebigy gatlak basyşynyň ýokary bolmagy önüminiň artmagyna itergi berýän güýçdür. Şeýle hem nebitiň çykarylyşyna oňaýly täsir edýän şertleriň biriniň kontur suwunyň golaýlygy bilen baglydygyny ýatlamak gerek.

Guýularyň kadaly işleýşiniň bozulmagynyň esasy sebäpleri önüminiň suwlulanmagy, göteriji turbalarda parafiniň ýygnanmagy (takmynan guýynyň agzyndan 1000 metre çenli), düýpýaka zolakda çäge dykysynyň döremegi, ştuseriň çägäniň täsirinden iýilmegi we tutulmagy, nebit akdyryjy turbalaryň (liniýalaryň) parafinleşmegi we beýleki ýagdaýlardan ybaratdyr.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe