Nebitgaz toplumy: buýsandyryjy netijeler, geljegi uly maksatnamalar

Nebitgaz toplumy: buýsandyryjy netijeler, geljegi uly maksatnamalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika strategiýasy ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatynyň netijeli amala aşyrylmagyna hem-de energetika pudagynda milli we döwlet bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. Amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýy, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolmagy ýurdumyzyň energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ugratmakda, eksport ugurlaryny ösdürmek babatda taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär, netijede ata Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň energetika bazarlarynda özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi.

Milli we halkara bilermenleri tarapyndan mähriban Diýarymyzyň tutuş çägi diýen ýaly, şol sanda Hazaryň türkmen ýalpaklygy nebitiň we gazyň täze ýataklaryny gözläp tapmak nukdaýnazaryndan geljegi uly hasaplanylýar. Häzirki wagtda nebit we gaz ýataklarynyň 200-e golaýy hem-de geljegi uly gurluşlaryň 1000-den gowragy ýüze çykaryldy. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käni bu sanawda aýratyn bellenilmäge degişlidir, ol öz gorlary boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe