Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Bütindünýä welosiped güni parahatçylyk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly adamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini alamatlandyrýan halkara baýramçylyga öwrüldi we her ýylyň 3-nji iýunynda jahanyň çar künjeginde giňden bellenilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen bu halkara baýramçylygy esaslandyrmak hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy kabul edildi. Parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýan resminama dünýä ýurtlarynyň 56-synyň awtordaş bolup çykyş etmegi milli Liderimiziň bu başlangyjynyň örän möhümdigine hem-de häzirki zaman dünýäsinde seslenme döredip, uly islege eýedigine şaýatlyk edýär. Hakykat ýüzünde munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň sport diplomatiýasynyň uly üstünligidir.