Şu ýyl Türkmenistanda öndürilýän nebithimiýa önümleriniň Gruziýa iberilýän möçberi ep-esli artdy.
Gruziýanyň nebit önümlerini alyjylar birleşiginiň habar berşi ýaly, ýanwar-aprel aýlarynda awtomobil benzininiň hem-de dizel ýangyjynyň uly möçberi Russiýadan, Rumyniýadan we Türkmenistandan satyn alyndy. Hususan-da, biziň ýurdumyzdan gruzin bazaryna bu nebit önümleriniň 72 müň tonna golaýy iberildi, ýagny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 60 göterim köp ugradyldy. 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, iberilen önümleriň möçberi 3 essä golaý artdy.