Möwsüme taýýarlyk möhüm wezipe

Möwsüme taýýarlyk möhüm wezipe

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny ýylyň islendik möwsüminde milli baýlygymyz bolan «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek maksadynda şu günler durmuşa geçirýän derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Etrabyň gaz hojalyk edarasynyň gazçylary dürli basyşly gaz ulgamlarynyň 1210 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 513 sanysyna ýokary derejede gözegçilik edýärler. Şonuň 271 sanysy gaz paýlaýjy, 242 sanysy bolsa gaz sazlaýjy enjamlardyr. Şeýle-de edaranyň degişli işçi-hünärmenleri milli baýlygymyzyň sarp edijiler tarapyndan tygşytly ulanylmagy hem-de tehniki we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talabalaýyk berjaý edilmegi ugrunda ilat arasynda gözegçilik, wagyz-düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Munuň özi tebigy gazyň aýawly ulanylmagynda we ýangyn howply gaz bilen baglanyşykly ýüze çykmagy mümkin bolan hadysalaryň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe