«Türkmengaz» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyň depginini artdyrýar. Şu ýylyň dört aýynda ýer astyndan tebigy we ugurdaş gazyň 29 milliard kubmetre golaýy, ýagny geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 4 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy. Ösüş depgini 116,2 göterime deň boldy. «Mawy ýangyjyň» eksporty 24 göterim ýokarlanyp, 14,6 milliard kubmetr artdy. Bu görkezijileriň soňky bäş ýylyň içinde ýokary görkezijiler bolandygyny bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, pudagyň hünärmenleri döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň netijeli usullarynyň giňden ulanylmagyna, şeýle hem täze guýularyň işe girizilmegine aýratyn üns berýärler.