«Türkmennebit» döwlet konserniniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirligine degişli bolan «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Hazar» gaz gysyjy desgalarynda döwrebap işler alnyp barylýar. Häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kämil kuwwatlyklaryna eýe bolan bu desgalaryň netijeli işledilmegi bilen müdirlik boýunça ýylyň geçen dört aýynda toplanylyp, arassalanylyp we gaýtadan işlenilip, konserniň nebitli guýularyna ugrukdyrylan gazyň umumy möçberi 1 milliard 928 million kubmetrden hem köp boldy. Munuň özi konserniň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň bu ugurdaky sargytlarynyň doly kanagatlandyrylandygyndan habar berýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde işe girizilen «Goturdepe» gaz gysyjy desgasy hem geçen şöhratly ýyllaryň içinde gaz göteriş usulynyň möhüm ähmiýete eýediginiň ynamly ykrarnamasydyr. Iň bir kämil enjamlar bilen üpjün edilen bu kuwwatly desga Goturdepe baýlyklar mesgenindäki nebitli guýularyň ýüzlerçesini gaz göteriş usulyna geçirmäge aýgytly täsirini ýetirdi. Bu ýerdäki gaz göteriş usulynda işleýän guýulardan häzirki döwürde her gije-gündiziň dowamynda alynýan «gara altynyň» möçberi müňlerçe tonna ýetýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňlerinde goýan belent wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegi maksat edinýän konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň «Goturdepe» gaz gysyjy desgasynyň hünärmenleri ýylyň ýylyna belent sepgitlere eýe bolýarlar. Desganyň öz işine ussat hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem uly üstünliklere beslemek üçin şu günler has-da gaýratly zähmet çekýärler. Bu desgada gürrüňi edilýän hasabat döwründe nebitli guýularda ulanmak üçin taýýarlanylan gazyň möçberi 869 million kubmetrden köp boldy. Bu görkezijiniň tutuş Gaz toplaýyş we akdyryş müdirligi boýunça bu ugurda bitirilen işiň deň ýaryna golaýlaýandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Ýeri gelende aýtsak, bu kuwwatly gaz gysyjynyň düzüminde kömürturşy gazyny öndürýän bölüm hem bolup, onuň kuwwatlylygy her gije-gündizde bir tonna deňdir. Kömürturşy gazy diňe bir ýangyn söndürmekde däl, eýsem, azyk senagatynda gazly içgileri öndürmekde giňden ulanylýar.