Toý sowgatlary saldamly bolar

Toý sowgatlary saldamly bolar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň şu günler etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijilerini we gaz paýlaýjy hem-de sazlaýjy enjamlaryny düýpli abatlap, geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Edaranyň agzybir işçi-hünärmenleri tarapyndan häzirki döwürde etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly we ululykdaky bitewi gaz ulgamynyň 13 müň 50 kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-den gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilip, şonuň esasy böleginde düýpli abatlaýyş hem-de möwsümleýin gözden geçiriş işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Munuň özi etrabyň 20 müňden gowrak hojalygynyň we edara-kärhanalarynyň ýylyň islendik möwsüminde tebigy gazdan talabalaýyk peýdalanmagynda uly ähmiýete eýedir.

— Ýerli ilatyň gymmatly «mawy ýangyja» bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak hem-de gaz desgalarynyň geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak, saz işlemegini gazanmak maksadynda edaramyzyň agzybir zähmet köpçüligi tarapyndan alnyp barylýan gözden geçiriş we düýpli abatlaýyş işleri etrap merkezimiz bolan Gubadag şäherinde, Bereketli, Amyderýa, Abadanlyk, Gökçäge, Baýdak we Ýaşlyk geňeşlikleriniň çäginde has hem gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Şonuň bilen bir hatarda etrabymyzda täze emele gelýän hojalyklary gazlaşdyrmak ugrunda hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu babatda gürrüň edilende, edaramyzyň gazçylarynyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň işçi-hünärmenleri bilen birlikde Gubadag geňeşliginiň Weliýap, Bereketli geňeşliginiň Gumoba, Abadanlyk geňeşliginiň bolsa Gumly oba diýen täze ilatly ýerlerine gaz eltijileri, dürli ululykdaky gaz geçirijileri çekmekde giňden ýaýbaňlandyrylan işler hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Olaryň birinjisinde göwrüminiň ululygy 114 millimetre barabar bolan gaz geçirijiniň 910 metri gurnalan bolsa, Bereketli geňeşliginiň Gumoba diýen ilatly ýerinde şeýle ululykdaky gaz geçirijiniň 1110 metr ýeri täzeden çekildi.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe