Şanly senelere mynasyp sowgat bilen

Şanly senelere mynasyp sowgat bilen

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň başarjaň işgärleri tamamlanýan her bir aýy zähmet üstünliklerine besleýärler. Nebiti gaýtadan işleýjiler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy senelerini, ilkinji nobatda bolsa, ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny we hünär baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy maksat edinip, artdyrylan gaýrat bilen zähmet çekýärler. Munuň şeýledigine kärhana boýunça üstümizdäki ýylyň geçen dört aýynda gazanylan maliýe-ykdysady görkezijilere ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirip bolýar.

— Şanly ýylyň geçen döwründe ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan çig nebiti we gaz kondensatyny çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna gymmatly önümleriň öndürilişi ep-esli artdyryldy. Ýokary hilli taýýar harytlyk önümleriň hyrydarlarynyň ýeterlikdigi bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr — diýip, zawodyň baş ykdysatçysy Reýimguly Orazow gürrüň berýär.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe