«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň ýokary hünär derejeli mugallymy, ylymlaryň kandidaty Jumadurdy BAÝMYRADOW özüniň zähmet ýolunyň kyrk bäş ýylyny hormatly hem arzyly mugallymçylyk kärine bagyşlady. Ol indi on üç ýyl bäri ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy üçin ýörite orta hünärli hünärmenleri taýýarlaýan şu bilim ojagynda mugallym bolup işläp gelýär. Şonuň üç ýylynda halypa mugallym şu mekdebe başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edip, bu ýerde okuw-terbiýeçilik işleriniň döwrüň talaplaryna laýyk, ýokary derejede guralmagyna, mekdepde saýlap alan hünärlerini birkemsiz ele alýan hünärli ýaşlaryň taýýarlanylmagyna öz zähmet goşandyny goşdy.
Jumadurdy Baýmyradow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň 8-nji Mart obasyndaky 30-njy orta mekdebi tamamlandan soň, Russiýa Federasiýasynyň Woronež şäherinde ýokary bilim aldy. Kalby arzuwdan doly ýaş ýigit özüniň ilkinji zähmet ýoluna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki şol wagtky 12-nji professional-tehniki uçilişesinde başlady.