Ylma bagyşlanan ömür

Ylma bagyşlanan ömür

Öz arassa zähmeti, tebigy zehini bilen ylym ummanyna aralaşyp bilen ilkinji türkmen alymlarynyň biri, «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly atlaryň, «Altyn asyr» ordeniniň III derejesiniň, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallarynyň eýesi, görnükli alym, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda uzak ýyllar ýolbaşçy we baş ylmy işgär bolup işlän Mars Aşyrmämmedow ýatlanylmaga diýseň mynasyp adam.

M.Aşyrmämmedow 1938-nji ýylyň 5-nji awgustynda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde eneden doguldy. Onuň ata-enesiniň dogduk mekany Hazar şäheri. Olaryň ikisi-de mugallym bolup işlän. Kakasy Aşyr Mämmedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşuna gatnaşýar. Çaknyşyklaryň birinde agyr ýaralanyp, maýyp bolup gelýär. Uruşdan soňra Nebitdagyň häzirki Uzboý şäherçesinde mekan tutunýar, ýöne urşuň salan ýarasyndan ol basym aradan çykýar. Marsyň çagalyk ýyllary nebit guýularynyň arasynda geçýär.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993