Gazhimiýa önümçiligi: polimerler dünýäsinde Polietilen

Gazhimiýa önümçiligi: polimerler dünýäsinde
Polietilen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan uglewodorod çig mallaryny diňe eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy olary çuňňur gaýtadan işlemäge we dünýä bazarynda ýokary goşulan bahaly bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmeklige ugur aldy. Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň has geljegi uly ugry polimerleri öndürmek boýunça iri önümçilikleri döretmekdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzda düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna beýleki birnäçe iri taslamalary amala aşyrmak bilen bir hatarda Gyýanlyda gazhimiýa toplumynyň ýene birini gurmak göz öňünde tutulýar.

Tebigy gazyň köp bölegini düzýän metanyň esasynda çylşyrymly himiki prosesler arkaly dürli sintetik önümleri almak uglewodorod baýlyklaryny rejeli ulanmagyň has netijeli ýoludyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy netijesinde nebitgaz senagatynda täze bir ugur — gazhimiýa pudagy ösüşiň basgançaklaryna galyp ugrady. Gazhimiýa senagatynyň ösdürilmegine, ahyrky netijede bolsa, şonuň esasynda himiýa önümleriniň giň görnüşleriniň öndürilmegine milli ykdysadyýetiň girdeji çeşmeleriniň diwersifikasiýasynyň we tutuş ykdysady ösüşiň möhüm şerti hökmünde garamak bolar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993